- ýat
- 1[ýa:t]Aň-düşünjede, pikirde galan zatlary huşa getrip bilmek ukyby, huş, zehin, aň, oý.∙ Bu wagtlardaky durmuş biziň ýadymyza-da düşenokdy ahyry! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýadymda bar otuz ýyllar ozallar, Şol bag ýeri tozap ýatan aýtymdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýigidiň şu durşy edil awa göz dükýän bürgüdi ýadyňa salýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)Ýazuw düzgüni: Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk t çekimsizi açyk d çekimsizine öwrülýär.Meselem ýat - ýadym, ýadyň.2[ýa:t]1) Öz maşgalaňdan bolmadyk, garyndaş däl, keseki, özge, nätanyş.∙ Emma Gogol Italiýada-da özüni ýat we ýeke duýýardy. (N. B. Gogol, Eserler)∙ Çaýhanada ýat adamlar hem bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)2) Biri ýa-da bir zat bilen ýakynlygy bolmadyk, garaýşy, duýgusy, düşünjesi boýunça daş bolan, üzňe bolan.∙ Tilki üçin maşyn, elbetde, ýatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk t çekimsizi açyk d çekimsizine öwrülýär.Meselem ýat - ýadym, ýadyň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.